Aşgabat — sportuň şäheri

5 Iýun 2024
129

Şeýle şygar astynda paýtagtymyzdadyr ýurdumyzyň sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky aladalar her bir tutumly başlangyçlaryň özenini emele getirýär. Ýakynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi-de munuň şeýlediginiň halkara ykrarnamasydyr.

3-nji iýunda bu şanly waka mynasybetli Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri guraldy. Çäräniň çäklerinde basketbol, futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary, suwda ýüzmek, tennis, ýaýdan ok atmak, karate, taekwondo, boks, gylyçlaşmak we ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçirildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar