Serhetçi türgenleriň üstünligi

5 Iýun 2024
320

Ýaňy-ýakynda Täjigistan Respublikasynyň Hujant şäherinde Gündogaryň başa-baş söweş sungatlarynyň biri bolan uşu boýunça Merkezi Aziýanyň kubogyny almak ugrunda halkara ýaryşy geçirildi. Oňa Diýarymyzdan wekilçilik eden türgenleriň ençemesiniň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporta uly üns berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Türkmen türgenleriniň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary — kapitan Babajan Iwadullaýew 95+ agramda 1-nji, maýor Serdar Jorakulyýew 90 kg agramda 2-nji, TÝG-niň gullukçysy Ysmaýyl Ataýew 70 kg agramda 2-nji orna mynasyp bolmagy ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýurt goragçylaryny hem çäksiz begendirdi. Bu üstünlikden ruhlanan türgenler öňdäki halkara ýaryşlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.

Annaçary HEKIMOW,
kapitan.
Beýleki habarlar