Lebaply welosipedçiler 335 kilometrlik menzili geçdiler

3 Iýun 2024
216

Welaýatymyzdan türgenleriň 11-si öz tälimçisi bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň paýtagtymyzdan Mara çenli aralykdaky işe girizilen böleginde geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu ýörişiň uzynlygy 335 kilometre ýetdi.

Ýörişe 31-nji maýda Mary şäherinden badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we tehniki işgärleriň 2-si gatnaşdy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar.

Beýleki habarlar