Biwol çempionlyk guşaklaryny gorady

3 Iýun 2024
96

2-nji iýunda russiýaly boksçy Dmitriý Biwol ýarym agyr agramda özüne degişli bolan WBA we IBO çempionlyk guşaklaryny goramak üçin liwiýaly Malik Zinad bilen tutluşdy. Saud Arabystanynda geçirilen söweşde Biwol wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ol tutluşygyň 6-njy raundynda garşydaşyny nokauda sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, Biwol soňky alty ýylda ilkinji gezek nokaut arkaly ýeňiş gazandy.

Bu ýeňiş arkaly Dmitriý Biwol özüne degişli WBA we IBO çempionlyk guşaklaryny saklap galdy. 2-nji iýunda gazanylan ýeňiş Biwol üçin hünär karýerasyndaky 23-nji üstünlik bolup, şolaryň 12-sinde Biwol garşydaşlaryndan wagtyndan öň üstün çykmagy başardy.

Taýýarlan: Röwşen MIRMEDOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar