Sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýdyň ýoly

2 Iýun 2024
260

Indi her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu senäniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny bellemelidiris. Bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde parahatçylyk dörediji kuwwatyny dünýä äşgär edendigini bellemek ýakymlydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Ynha, 31-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegindäki weloýörişi hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp uly dabaralaryň geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar