Sportda belent üstünlikler

2 Iýun 2024
248

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça sebit merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.

Dabaralar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.

Döwlet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-önümçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar