Sagdynlygyň gözbaşy

2 Iýun 2024
295

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şypaly howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, zamanabap sport we saglyk toplumlaryny, futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary boýunça ýaryşlaryň geçirilip durulmagyny, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegini we olaryň guwandyryjy netijeler gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadyp, ýeňşe hem belent at-abraýa eýe bolmaklaryny mysal görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistany sportuň ösen ýurduna öwürmek babatdaky belent maksatlar rowaçlanýar.

Işjeň hereketde bolmagyň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri hem welosiped sürmekdir. Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna örän uly üns berilýär. Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosiped sporty ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Welosiped ýöne bir hereket etmegiň serişdesi däl, ol saglygy berkitmäge, şähdiňi açmaga ýardam edýän we adama oňaýly täsir edýän örän oňat ulagdyr. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Türkmen tebigaty özüniň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Gözelnabat BAÝRAMDURDYÝEWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar