Talyplarymyzyň halkara ýaryşyndaky üstünligi

2 Iýun 2024
234

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Türkmen sportunyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde hem-de türgenlerimiziň döwlet we halkara ýaryşlarynda üstünlikleri gazanmaklarynda ýurdumyzda guralýan sport ýaryşlarynyň ähmiýeti uludyr.

Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň hyzmatyndadyr.

Şemşat GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar