Ildeşimiz — Gran-priniň ýeňijisi

1 Iýun 2024
193

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Onda türkmenistanly türgen Suwhan Öwejeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar