Tebigat bilen sazlaşyk

31 Maý 2024
157

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport we ekologiýa ulgamy bitewüdir. Bu ulgamlarda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine, ýaş nesillerde ekologiýa babatda jogapkärçilik dünýägaraýşynyň döremegine, adamlaryň tebigat bilen ruhy dünýäsiniň baglanyşygyna gönükdirilendir» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolan welosportuň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, welosiped sürmek bilen meşgullanmak myşsalaryň berkemegine we immunitetiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Welosiped sürlende bedeniň ähli myşsalary herekete gatnaşýar, dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň howa çalşygy ýokarlanýar, dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň işi kadalaşýar, bedendäki artykmaç ýaglar ýanýar. Şunlukda, adam özüni ýeňil duýýar, sagdyn we şähdaçyk bolýar.

Ogultäç SABYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar