Sport mekdeplerinde

31 Maý 2024
149

28-nji maýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler jaýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän ýörişlere gatnaşyjylaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy has-da guwandyryjydyr. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport çäreleriniň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara uly orun berilmegi baýramçylyk şowhunyny has hem artdyryp, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerine buýsanç duýgularyny döredýär.

Beýleki habarlar