UEFA-nyň ýaryşlarynda çempion bolan ilkinji grek kluby

31 Maý 2024
164

UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy bo­lan Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 3-nji möw­sü­miň çem­pio­ny Gre­si­ýa­nyň «Olim­pia­kos» to­pa­ry bol­dy.

Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ri­len fi­nal­da «Olim­pia­kos» to­pa­ry Ita­li­ýa­nyň «Fio­ren­ti­na» to­pa­ryn­dan goş­ma­ça wagt­da 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «AEK Are­na» sta­dio­nyn­da­ky fi­na­la 26 müň 842 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Soa­reş Dia­şyň emin­lik eden oý­nun­da ital­ýan to­pa­ry has er­jel oýun gör­kez­ip, has köp pur­sat dö­ret­di. Ýö­ne ne­ti­je­de «Olim­pia­ko­syň» fi­na­la çyk­ma­gyn­da uly rol oý­nan ma­rok­ko­ly hü­jüm­çi­si Aýub El-Kaa­bi­niň 116-njy mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. «Olim­pia­kos» to­pa­ry UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji grek klu­by hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le-de, Gre­si­ýa UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da klu­by çem­pi­on­lyk ga­za­nan 18-nji ýurt bol­dy.

Beýleki habarlar