19 ýyl­dan soň yk­ly­myň çem­pio­ny

31 Maý 2024
124

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Fi­nal­yň jo­gap du­şu­şy­gyn­da öz meý­dan­ça­syn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Al-Ain» to­pa­ry 19 ýyl­dan soň bu ar­zy­ly ku­bo­gy 2-nji ge­zek as­ma­na gö­ter­di. Myh­man­çy­lyk­da 2–1 hasabynda ýeň­len «Al-Ain» to­pa­ry­na jo­gap du­şu­şy­gyn­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ra­hi­mi (8, 67), Ka­ku (33 p) hem-de La­ba (90+1, 90+5) ge­çir­di. Ýa­pon­la­ryň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 40-njy mi­nut­da Ýan Ma­te­us der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şy­gyň 45+10-njy mi­nu­tyn­da ýa­pon to­pa­ry­nyň der­we­ze­çi­si Wil­li­am Popp gy­zyl kart al­dy. Şun­luk­da, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Al-Ain» to­pa­ry 2003-nji ýyl­dan soň 3-nji ge­zek AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Ar­gen­ti­na­ly Her­nan Kres­po­nyň tä­lim ber­ýän to­pa­ry bu ku­bo­gy 2-nji ge­zek ga­za­nan 14-nji klub hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy.

Ýa­pon klu­by «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry-da 34 ýyl­dan soň çy­kan 2-nji fi­na­lyn­da-da ku­bo­gy ga­za­nyp bil­me­di. Ol ku­bo­gy ga­za­nyp bil­me­dik to­par­la­ryň ara­syn­da 2 ge­zek fi­nal­da as­gyn ge­len 4-nji to­par­dyr.

Beýleki habarlar