Sport — dostluk köprüsi

30 Maý 2024
154

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzyň sport mümkinçilikleri dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ösdürmek bilen utgaşyklylykda uly üstünliklere beslenýär.

Garaşsyz ýurdumyzda 24-nji maýda geçirilen  GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde sportly Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sebitde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge  täze itergi berýän taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jebisleşmeginde sport boýunça hyzmatdaşlyga  möhüm ornuň degişlidigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi agza döwletler tarapyndan giňden goldanyldy.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar