Suwçy obasynyň woleýbolçy gyzlary

29 Maý 2024
152

Hoş habaryň ganaty bar diýleni. Mele suwly, akymy möwçli Jeýhunyň kenarynda ýerleşýän Saýat etrabynyň Suwçy obasyndaky 13-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlarynyň ýene bir uly ýaryşdan baýrakly dolanandyklary baradaky şatlykly habar ýaýrady. Olar Aşgabat şäherinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen at bilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen XIII spartakiadada üçünji orna mynasyp boldular. Gazanylan üstünlik üçin toparyň agzalary degişli medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bu şatlykly waka bizde bu obanyň türgen gyzlary, olaryň tälimçileri hakynda makala ýazmak höwesini döretdi.

Her bir işde bolşy ýaly, sportda-da görelde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda obanyň ýaşlarynyň bagty çüwdi. Obada önüp-ösen, diňe bir etrapda ýa-da welaýatymyzda däl, tutuş ýurdumyzda ezber woleýbolçy hökmünde tanalýan Eset Annakylyçowyň mekdebe bedenterbiýe mugallymy bolup işe gelmegi ýaşlary sporta çekmekde uly ähmiýete eýe bolupdy. Ol egsilmez hyjuwy, şahsy göreldesi bilen ýaşlary sportuň bu görnüşine köpçülikleýin çekmegiň hötdesinden geldi. Bu möhüm işde has gowy netijeleri gazanmak üçin ýokary guramalaryň öňünde mesele goýlup, mekdebiň ýanynda ýokary talaplara laýyk gelýän sport zalynyň gurulmagy-da gazanyldy. Şonuň netijesinde bedenterbiýe dersini talabalaýyk okatmak, türgenleşikleri netijeli geçirmek üçin amatly şertler peýda boldy. Bu maglumatlar oba ýerinde sportuň aýaklanmagynyň, türgenleriň dürli derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleriniň berk esasynyň bardygyndan habar berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar