Geljek ynamly gollarda

29 Maý 2024
1078

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Çünki ak ertirleriň bagtyýarlyga we rowaçlyklara beslenmegi şu günki ýaşlara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, döwletimiz, onuň geljegi bilen ýaş nesliň ykbalynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar.

Ýurdumyzda ýaşlar meselesiniň döwlet derejesinde üstünlikli çözülmegi üçin berk kanunçylyk binýady döredildi. Ähli kanunçylyk namalary bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi bolup çykyş edýär. Bagt Kanunymyzyň esasynda işlenilip düzülen we kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmaklaryny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Leýli ZAKIRJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar