Arşyň nepisligi türkmen halysy

27 Maý 2024
124

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler welaýatymyzda giň gerime eýe boldy.  Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde  «Arşyň nepisligi türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara ýatdan çykmajak buýsançly pursatlara  beslendi. Türkmeniň alty ganat ak öýleri, olaryň öňlerinde goýlan haşamly telärleriň üstünde haly-palas önümlerinden, gelin-gyzlaryň el işlerinden, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerinden, nepis şaý-seplerden guralan sergiler çäräniň geçirilýän ýerine aýratyn öwüşgin berdi. Ümeçi gelin-gyzlar türkmeniň sungat derejesine göterilip, ählumumy ykrarnama eýe bolan halylaryny taýýarlamagyň hysyrdyly hem inçe tilsimlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler.

Muhammetgylyç Tagangylyjow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar