Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

27 Maý 2024
162

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Beýleki habarlar