Häzirki zaman şäher düzüminiň ösen derejesi

27 Maý 2024
217

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň beýanyny tapdy

Geçen hepdäniň anna we şenbe günlerinde indi 23-nji gezek geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän, ýeňil senagat, dizaýn, innowasion tehnologiýalar, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzyň şähergurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezýän gözden geçirilişiň dowamynda oňa gatnaşyjylar dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, täze önümdir hyzmatlary bilen-de tanyşdyrdylar.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar