Awtoulag sürüjilerine sowgat

27 Maý 2024
236

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy Aşgabat şäheriniň gününde ýerli awtoulag sürüjilerine we myhmanlara ajaýyp toý sowgady boldy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan durky täzelenen desganyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäher häkimliginiň, müdirligiň wekilleri, il sylagly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Durky täzelenen desgada işgärleriň zähmet çekmegi, sürüjileriň bu ýerde hödürlenilýän hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde awtoulaglaryň bir wagtda 10-syny ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Beket bir gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 1500-den gowragyny kabul edip bilýär. Sürüjiler bu ýerde hödürlenen hyzmat üçin tölegleri nagt we elektron görnüşde töläp bilerler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.
Beýleki habarlar