Göz-guwanjym – paýtagtym

24 Maý 2024
219

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmen paýtagtynyň milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy bolsa has-da buýsandyryjydyr.

Bu gün hut hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat sagdynlygyň, sportuň, dost-doganlygyň şäheri hökmünde dünýäde meşhurdyr. Aşgabat halkara derejesindäki maslahatlaryň, festiwallaryň, sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ak mermerden paýtagtymyzyň daşary ýurtly myhmanlarda has ýakymly täsirleri galdyrýandygy, ony bir göreniň ýene-de görmek arzuwynda gezýändigi, elbetde, biziň üçin guwandyryjy ýagdaýdyr. Olimpiýa şäherçesini bolsa görmäge göz, taryplamaga söz gerek.

Begmyrat GARABAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar