Paýhas ummany

24 Maý 2024
145

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar.

17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Begli MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiý gullugynyň Aşgabat şäher müdirliginiň pasport bölüminiň gözegçisi.
Beýleki habarlar