Ynsan kalbynyň lukmany

24 Maý 2024
188

Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasyň ummany, parasatlylygyň nusgasy. Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söz ussadynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär, edebi mirasyny ylmy esasda öwrenip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Ýer ýüzüniň çar künjeginde dana şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän dürli çäreler bolsa türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň barha belende göterilýändigini görkezýär.

Magtymguly atamyzyň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýanlygy bilen kalplarda baky orna eýe boldy. Beýik akyldaryň biri-birinden ajaýyp şygyrlarynda saglyga, lukmançylyga, ynsan derdine em etmek ýaly sogaply käriň eýeleri bolan lukmanlara hem giň orun berlipdir.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, KA-nyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar