Sportuň ösüşli menzilleri

24 Maý 2024
133

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, ulgamyň okgunly ösüşlerini, täze sepgitlerini şertlendirýär. Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä hem-de yklym çempionatlary Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň beýanyna öwrülýär.

Iň uly ýaryşlary geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Çünki ülkämiziň kämil sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hakykatdan hem, bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Elbetde, gözbaşyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryndan alyp, Watanymyzyň iň ajaýyp sport baýramçylyklaryny kabul etmegine mümkinçilik döredýän sport desgalarydyr toplumlaryň birnäçesini özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň myhmanlarynyň, halkara sport jemgyýetçiliginiň, federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bu bolsa Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Beýleki habarlar