Taryhy ýerlere gezelenç

24 Maý 2024
117

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary 2024-nji ýylyň mart, aprel, maý aýlarynyň degişli senelerinde Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerdir muzeýlere syýahat etdiler.

Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýinde bolanymyzda ajaýyp duýgulary başdan geçirdik. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda «Änew – müňýyllyklarda gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň 1-nji babynda hormatly Prezidentimiz Rafael Pampelliniň adyny hem hormat bilen tutýar.

Hakberdi RASULOW,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar