Täzelikler

24 Maý 2024
302

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, jemgyýetiň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar goraghanada tokaýlyklary we olarda mesgen tutan haýwanlary goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde gorag işleri bilen birlikde ylmy işler utgaşykly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde tebigy baýlyklarymyzy ýangyndan goramak meselesi hem gündelik üns merkezinde saklanylýar. Maslahatda şeýle işleriň howanyň gyzmagy bilen has möhüm ähmiýete eýe bolýandygy we degişli düzgünleri berk berjaý etmegiň esasy talap bolup durýandygy bellenildi. Degişli hünärmenler çykyşlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde tehniki serişdelerden netijeli peýdalanmak barada hem giňden durup geçdiler.

Beýleki habarlar