Nepis önümleriň sany artýar

24 Maý 2024
140

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň eli çeper halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýynda 1 müň 200 inedördül metre golaý haly dokap, meýilnamada göz öňünde tutulan tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Haly we haly önümleriniň möçber ölçegi pul hasabynda aňladylanda, bir million manatlykdan gowrak iş edilendigini görkezýär. Bu görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydygyny bellemek gerek. Ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň degişli döwründe şeýle üstünligiň gazanylmagyna Akdepe, Boldumsaz, Köneürgenç etraplaryndaky, Gubadag hem Andalyp şäherlerindäki önümhanalar uly goşant goşdular. Häzirki wagtda ýerlerdäki önümhanalaryň aglabasynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň buýurmalary esasynda we baýramçylyklar mynasybetli 60, 65, 70 inedördül metr ölçegli halylar dokalýar. Ajaýyp göllerinde türkmen tebigatynyň ähli gözelliklerini şöhlelendirýän, owadan nagyşlary, gül görki bilen tapawutlanýan halylar ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň birnäçesi haly we haly önümleriniň yzygiderli geçirilýän sergilerini bezeýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar