Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

23 Maý 2024
146

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Şunda Türkmenistan Hazarýaka sebitiniň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şunlukda, sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini netijeli çözmek ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär.

Ýurdumyz Hazarýaka sebitinde Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri bilen özara hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle möhüm hyzmatdaş sebitleriň biri hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bolup durýar. Halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Çünki iki halkyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda umumylyklar köpdür.

Atajan ROZYÝEW,
Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar