Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

23 Maý 2024
182

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilmegi göwünlerimizi galkyndyryp, beýik şahyrymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Bu gündogar edebiýatynda, filosofiýasynda uly yz goýan Magtymguly atamyzyň sönmez-ýitmez döredijiligine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň we Köpetdagyň dag eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şatlykly wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda goşa toýuň bellenilýän günleriniň şeýle şatlykly wakalar bilen utgaşmagy şahyryň ruhy-edebi mirasyny tutuş dünýäde şöhratlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstüni ýetirdi. Halkara metbugatynda bellenilişi ýaly, akyldar şahyrymyzyň ajaýyp heýkeli, onuň gurluş aýratynlygy dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýene-de güneşli ülkämize gönükdirdi. Hut şonuň üçin hem goňşy döwletleriň wekilleriniň hem köpsanlysy bu şatlykly wakanyň şaýady bolmak üçin ýurdumyzda myhman boldular. Dogrudan hem, dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelen ýadygärlik baş şäherimizde ýene-de bir ajaýyp binagärlik düzümiň dörändigini äleme buşlaýar. Bu ýerde dürdäne eserleri bilen dünýä edebiýatynda yz goýan beýik şahsyýetleriň hem heýkelleriniň oturdylmagy ýurdumyzda dost-doganlyk, parahatçylyk gatnaşyklarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Ilýas MÄMMETKULYÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar