Dünýä edebiýatynyň ägirdine belent sarpa

23 Maý 2024
200

Şanly ýylymyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmäge bagyşlanyp geçirilýän çäreler, şatlykly wakalar biri-birine utgaşýar. Şeýle toýly günlerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy beýik akyldara goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Kitapda akyldaryň halkymyzyň edep-terbiýe, ylym-bilim, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik garaýyşlaryny wasp edýän şygyrlary ýerleşdirilipdir. Olar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde aýratyn gymmata eýedir.

Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarys. Ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ilat arasynda maslahatlary, duşuşyklary ýygy-ýygydan guraýarys. Çärelerde edilýän çykyşlarda beýik söz ussadynyň baý we köpugurly döredijiligini öwrenmekde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Batyr AŞYRKULYÝEW,
Köýtendag etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar