Zenan dünýäsi: ýüpek gatnaşyklaryň nusgasy

23 Maý 2024
172

Maý aýy — gözellige, güllere baý aý. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy-da ýurt we dünýä ähmiýetli wakalara beslenýär. Tebigatyň iň ajaýyp paslynyň şu günleri göwnüňe mylaýymlygyň, mähremligiň täsin şuglasyny saçýan ýaly duýgy döredýär.

Diňe şu aýyň däl, tutuş ýylyň iň ýatda galjak wakalarynyň biri-de golaýda paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahatdyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara forumlar hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreler bilen utgaşan bu maslahat iki ýurduň gadymy gatnaşyklarynyň häzirki ajap eýýamdaky mynasyp dowamyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahat türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly sahypa öwrüldi.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar