Maslahatda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi»

22 Maý 2024
192

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat geçirildi.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen bu maslahata «akylly» şäherde zähmet çekýän zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar