Parahatçylyk, ynanyşmak — halklaryň arzuwy

22 Maý 2024
167

Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, yhlas-aladalary, taýsyz tagallalary bilen gözelligiň göwher gaşyna öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň Halkara howa menzili. Bahar-ýazyň älem-jahany gözellige besleýän günlerinde öýlänçiniň suwuna ýuwlan baglardyr ösümlikler, al-elwan güller menziliň kaşaň, owadan keşbini öňkülerinden hem has görklendirýär. Eziz Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary wagtynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň biri bolmak bagtynyň miýesser edendigi barada buýsanjy serime dolduryp, ajaýyp «Boeing» kysymly uçara münenimde, ata Watanymyza gelýän müňlerçe daşary ýurtly myhmanlaryň mukaddes topragymyza ilkinji gadamlarynyň hut şu Halkara howa menzilinden başlanýandygy baradaky pikirler parahatlygyň we dost-doganlygyň Diýary — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyza söýgi-sarpamy goşalandyrýar. Uçuş zolagynda badyny barha artdyryp, mawy asmana göterilen laçyn kysymly äpet uçaryň aýnasyndan ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär.

Watan buýsanjy

Annamyrat MÄMMEDOW,
Aşgabat — Kazan — Aşgabat.
Beýleki habarlar