Bilimli nesil — kuwwatly Watan

22 Maý 2024
263

Ýaş nesilleri edep-terbiýeli, sowatly edip ýetişdirmekde mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Esasan-da, başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň ilkinji bilimi oňat özleşdirmegi üçin yhlas edýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Oguljan Jumagylyjowadyr. Oguljan mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 20 ýyl ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekip gelýär. Ol häzirki wagtda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde işlemek bilen, 1-nji synp okuwçylaryna bilim berýär, olaryň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yhlasyny gaýgyrmaýar.

Mugallym 2019-njy ýylda “Ýylyň mugallymy” atly bäsleşige gatnaşyp, şäher tapgyrynda ikinji orna mynasyp boldy. Onuň diňe bir özüniň däl, eýsem, okuwçylarynyň hem bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Mugallyma alyp barýan işlerinde müdiriň başlangyç synplar boýunça orunbasary Kümüş Berdiýewa ýakyndan ýardam edýär.

Beýleki habarlar