Üstünlik — serwiniň ömür hemrasy

22 Maý 2024
240

Her bir ynsan okamak bilen beýik derejelere, üstünliklere ýetýär. Okamaýan adam edil ganatsyz guş ýaly bolýar. Şol maksat bilen her bir ynsan kitaby özüniň iň ýakyn dosty hasaplaýar. Kitap bilen dostlaşyp, diňe üstünlige tarap ymtylýan ýaşlaryň biri-de Murgap etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Serwi Annageldiýewadyr.

Serwi maşgalanyň mugallymçylyk hünäri boýunça hatar guran kerweniniň yzyny dowam etdirijileriň biri bolmagy arzuw edýär. Ol mugallymlar maşgalasynda kemala gelip, özüniň hem mugallym bolmak arzuwynyň bardygyny uly buýsanç bilen belleýär. Anygy bilen aýdanymyzda, Serwiniň atasy Muhammetberdi Annageldiýew, enesi Rejepgül Annageldiýewa, kakasy Gaýgysyz Annageldiýew, ejesi Enegözel Annageldiýewa, babasy Ata Akbäbäýew — agzanlarymyzyň ählisi bilim işgäri, mugallym bolup zähmet çeken we çekýän ynsanlar. Ata-enesiniň, maşgalasynyň göreldesine eýerip, Serwi mugallym bolmak arzuwynyň hasyl bolmagy üçin yhlasly okaýar, dürli bäsleşiklere gatnaşyp, diňe baýrakly orunlara eýe bolýar.

Beýleki habarlar