Täzelikler

22 Maý 2024
174

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 5 müň 704 tonnasy, pul hasabynda bolsa 11 million 449 müň 100 manatlygy öndürilip, ilata ýetirildi. Şeýle-de bu döwürde kärhanada unaş önümleriniň hem 196 tonnasy öndürilip, 229 müň 300 manatlyk iş edildi. Netijede geçen dört aýda jemi öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 11 million 678 müň 420 manatlyga deň boldy. Bu bolsa meýilnamada bellenilenden ep-esli artykdyr. Kärhanada taýýarlanylýan çörek we çörek önümleri, unaş önümleri bilen bir hatarda süýji-köke önümlerine-de islegler barha artýar.

Beýleki habarlar