Gözelligiň nusgasy ak mermerli Aşgabat

22 Maý 2024
167

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni

Ata Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen belent binalary, gür baglyga bürenen seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen dünýä nur saçýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat bu günki gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýedir» diýip belleýär. Aýna ýaly tämiz, giň köçeler, hoşboý ysly güller, kaşaň ymaratlar, ýadygärlikler, suw çüwdürimleri paýtagtymyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzda halkara duşuşyklaryň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.

Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar