Ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň güýji bilen

22 Maý 2024
139

«Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk». Bu jümle ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» XV halkara ykdysady forumynyň esasy şygary boldy. Bu foruma ynanyşmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi bolan Türkmenistandan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy bolsa onuň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň dostlukly döwlete iş sapary türkmen-rus we türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň nobatdaky sahypasyna öwrüldi.

Iş saparynyň birinji gününde Milli Liderimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren gepleşikleri iňňän netijeli boldy. Gepleşikleriň dowamynda nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň duşuşykda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar