Kalba ylham, egsilmez güýç

22 Maý 2024
141

Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da  rowaçlyklara beslenýär. Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýä edebiýatynda görnükli yz goýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär. Dürdäne eserleri döredip, türkmen şygryýetiniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uly dabaralara beslenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Akyldar özüniň kämil pikirlerini şahyrana beýan edip, ýürekleriň töründe orun alan beýik söz ussadydyr. Şonuň üçinem çeper söze aýratyn gadyr goýýan halkymyz Magtymgulynyň şygyrlaryny dilinde doga edinip, nesillerden-nesillere ýetirýär. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan ajaýyp goşgulary her bir adamyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň ruhy taýdan kämil, belent ahlakly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Toýmyrat Hojaýew,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 31-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar