Ruhy dünýämiziň şamçyragy

22 Maý 2024
210

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen okgunly ösüşlere beslenýän Berkarar Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda mermer paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň gerşinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň çawy dünýä doldy. Şol toý günlerinde akyldar şahyrymyzyň täze goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi-de şatlygymyza şatlyk goşdy.

Bu dabaralara gatnaşyp, taryhy wakalaryň jümmüşinde bolmak ýüregiňde şygryýete şine bolýan beýik duýgular bilen birlikde akyldar şahyryň döredijiligini äleme nagyş eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanjy hem kalbyňa bagyşlaýar. Hut Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy, yzygiderli aladalary bilen bina bolan, dünýä halklarynyň naýbaşy ýazyjy-şahyrlarynyň başyny jemlän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de bu ýerde taryhy söz sözlemegi umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi mirasymyza, taryhymyza şan beren beýik şahsyýetlerimize, ruhy dünýämiziň ganaty bolan döredijilige döwletimiz tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasy boldy.

Agamyrat SOLTANOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr.
Beýleki habarlar