Ak ýollar ak paýtagtda birleşýär

22 Maý 2024
177

Diňe bir ýurdumyzyň ýollary däl, eýsem, halkara gatnaşyklarynda hem möhüm çözgütlere uzaýan ýollar türkmen paýtagtynda birleşýär. Dünýäniň iň möhüm ylalaşdyryjy we parahatçylygy dörediji merkezleriniň biri bolan ak şäherimiz bu goşa güýjüni gözelligine hem siňdirýär. Bu bolsa XIX asyryň segseninji ýyllarynda düýbi tutulan merjen paýtagtymyzyň barha juwanlaşmagyna şert döredýär.

Aýdymlarda aýdylyşy ýaly, juwan şäher Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dünýä indi. Ol bu gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Bu günki gün Ýer ýüzüniň Nýu-Ýork, Pariž, Dubaý, London, Şanhaý, Er-Riýad, Sankt-Peterburg ýaly has iri we gözel şäherlerinden iş sapary ýa gezelenç maksady bilen paýtagtymyza sary ýola düşen her bir adamyň: «Men Aşgabada barýaryn» diýen sözleri buýsanç bilen aýdýandygyny eşidýäris. Hawa, biziň paýtagtymyz daşary ýurtlularyň ählisiniň gelip görmek isleýän gözelligine, täsinligine öwrülýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar