Göllerinde Gün dogýar

22 Maý 2024
179

Milletimiziň dünýä mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarynyň hersinde kämilligiň çür başyna çykandygyna şaýatlyk edýän sypatlar aýyl-saýyl görünýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň göz we göwün nuruny siňdirip döreden nepis halylary-da dünýähalar gymmatlyk derejesine çykyp bilipdir. Göllerinde Gün dogýan halylar hem döräli bäri dünýäni haýran galdyryp gelýär. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary hem göllerine şeýle yhlas-zehin siňdirip işleýärler.

Haly dokamak her bir oba gyzynyň ilkinji hünäri bolýar diýsegem ýalňyş bolmasa gerek. Onda-da Halaç etrabynda, çeper halyçylyk kärhanasynyň ýetmiş-segsen ýyldan bäri şöhraty dünýä dolan sungaty ýene-de baýlaşdyryp, onuň mertebesini ýokary galdyryp gelýän ýerinde, haly dokamak esasy hünärleriň daşyndan hem hökman öwreniläýmeli, ýörediläýmeli hünär saýylýar. Islendik gyz maşgala ejesinden öwrener, doganyndan öwrener, halyçy obadaşynyňka gatnap öwrener welin, haly dokamak ýaly inçe sungaty hökman ele alar. Hernäçe inçe, çylşyrymly bolsa bolubersin, hökman öwrener. Olaryň hemmesi halyçy bolup işläbem ýörenok. Ýöne «Menem halyçy!» diýip buýsanç bilen aýdyp bilýärler.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar