Ruhy gymmatlyklara daýanýan hyzmatdaşlyk

21 Maý 2024
251

Parahatçylyk, abadan durmuş, durnukly ösüş, agzybirlik halkymyzyň hemme döwürlerde iň arzyly saýan gymmatlyklarydyr. Ruhy gymmatlyklary hem-de ykdysady gazanylanlary sazlaşykly utgaşdyrmak häzirki zaman dünýäsiniň möhüm ösüş ugruna öwrülýär. Bu ugurda milli tejribeler ähli gyzyklanýan taraplaryň umumy netijäni gazanmaga, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge itergi berýär, täze ugurlary gözlemäge täsir edýär. Köpler üçin bähbitli bolan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemek, täze gymmatlyklary döretmek, ýaşaýan dünýämizi gowulaşdyrmaga hem-de gowy görelde görkezmäge gulluk edýän maksatlara ýetmäge çalyşýan milli tejribeler hemişe gyzyklanma eýe bolýar.

Garaşsyz, baky Bitarap, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, oňyn tejribeleri giňden ýaýbaňlandyrmaga, täze mazmunlar bilen baýlaşdyrmaga öz mynasyp goşandyny goşýar. Munuň ajaýyp mysallarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum —2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň tagallalary bilen BMG üçin parahatçylyk, özara düşünişmek we ynam üçin Yslam başlangyjyny döretmek teklibini görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň çäginde Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin, Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti, Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşyk geçirdi, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» atly XV halkara foruma, «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy, şeýle-de «Russia Halal Expo» halkara sergisine aýlandy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar