Bilim — kämillik basgançagy

21 Maý 2024
268

Eziz Watanymyzyň bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşini şertlendirýän, ähli ulgamlarda üstünlikleri gazanmaga badalga berýän, öňe iterýän güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgam bolup, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin berk binýat döredýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şu günler ýurdumyzda 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uçurymlara süýji arzuwlar bilen, uly durmuş ýoluna ak pata berler. 25-nji maýda säher bilen paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralary geçiriler.

Ak bugdaý etrabynyň orta mekdeplerinde hem bilim-terbiýeçilik maksatly dürli çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagyna uly üns berilýär. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar ýurdumyz boýunça hem-de halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde gowy netijeleri gazandylar. Mekdepleriň iş meýilnamalaryna laýyklykda, etrap derejesinde göreldeli sapaklar, usuly maslahatlar geçirilip, okuwçylaryň arasynda zehin we sport bäsleşikleri üstünlikli gurnaldy. Bilim ojagymyzda dersler boýunça hepdelikler, göreldeli sapaklar gurnalyp, synpdan daşary terbiýeçilik maksatly çäreler, sport ýaryşlary geçirildi.

Ogulbek BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar