Çagalar — röwşen geljegimiz

21 Maý 2024
370

Hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygy bilen baglylykda çagalaryň dynç alyş ýerlerini möwsüme talabalaýyk taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler Ahal welaýatynda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýat häkimliginiň garamagynda Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde «Ýaşyl ýaýla», Gökdere jülgesinde «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri, Awazada «Ahal» sagaldyş merkezi hereket edýär. Agzalan merkezlerde öňdäki tomus möwsüminde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden çagalaryň ýüzlerçesiniň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň dynç alyş merkezleriniň ählisinde bolşy ýaly, agzalan merkezlerde hem çagalaryň doly derejede dynç almaklary, beden taýdan taplanmagy, aň-paýhas hem döredijilik taýdan ösmegi, täze dostlary tutunyp, dogduk ülkäniň medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy we tebigaty barada düşünjesini artdyrmagy üçin ähli şertler göz öňüne tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, möwsüme taýýarlygyň çäginde bilim, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, içeri işler edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri tarapyndan çagalaryň dynç alşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan meýilnama bilelikde işlenip düzülýär. Çagalaryň sagaldyş merkezlerinde wagtyny şadyýan we mazmunly geçirmegini gazanmak, olary sport, döredijilik we intellektual dynç alşyň täsin dünýäsine çagyrmak ugrunda ähli tagallalar edilýär.

Mahym BAÝRAMOWA,
Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar