Ýaşlar röwşen geljegimizdir

21 Maý 2024
469

Ýurdumyzy beýik ösüşlere beslemek baradaky asylly maksatlaryň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyza, aýratyn hem, ýaş neslimize okamaga, döretmäge we gurmaga mümkinçilikleri döredýär. Bu ýagdaýlar häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny çalt özleşdirmäge we durmuşa ornaşdyrmaga bolan egsilmez ruhlandyryjy güýji emele getirdi.

Çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ösmegi, ýaşlarymyzyň bilimli, ýokary hünärli adamlar bolmagy üçin durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňat netijesini hem berýär. Kuwwatly hem berkarar döwletimiziň keremli saýasynda kemala gelen nesil kämillige gol berýär, ýeňişli belentliklere ynamly gadam urýar. Biziň ýaşlarymyz abraýly halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, olimpiýa we paraolimpiýa oýunlaryna, ders we ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, arzyly ýeňişlere eýe bolýarlar, ata Watanymyza medally gaýdyp gelýärler. Olaryň gazanan her bir ýeňşini dabaralandyryp, mukaddes ýaşyl Tugumyz al-asmana göterilende, milli Senamyz belentden ýaňlananda, türkmen halkynyň şan-şöhraty artýar. Şeýle üstünliklere ýaş nesillerimiziň eýe bolmagynda mugallymlaryň hem uly paýy bardyr. Ýaş nesilleri terbiýe bilen dogry ýola gönükdirmek, degerli maslahatlar bilen goldaw bermek ýaly meselelerde mugallymyň işjeňlik görkezmegi zerurdyr.

Mähri HUDAÝGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar