Dil bilen dünýäni gezer

21 Maý 2024
329

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Bilim ulgamyny ösdürmek ýaş nesliň kämil bolmagynyň, ýurdumyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleriniň baş şertidir. Şonuň üçin hem ýaş nesle iň oňat mümkinçilikler, häzirki zamanyň ähli şertleri döredilýär. Bu bolsa olaryň mynasyp nesil bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär.

Ýaş nesliň kämil bolup ýetişmeginde dil öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Öz ene diliňden başlap, daşary ýurt dillerini bilmek dürli edebiýatlardan peýdalanmaga, dünýägaraýşyňy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dil bilmek, öňi bilen hem türkmen dilini oňat bilmek ýaş nesil üçin esasy zerurlykdyr. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil pikirlenişiň baş şertidir. Dili kämillik derejesine ýetirip bilen adam kämil pikirlenip hem bilýändir. Şu aýdylanlary göz öňünde tutup, ýaş nesle, ilkinji nobatda, ene dilimiziň baýlyklaryny, dürs ýazuwyny öwretmek hökmandyr. Şeýle hem dünýä dillerini öwretmek ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine oňat täsir edýär.

Mähri GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar