Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

21 Maý 2024
164

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek tebigy we organiki önümleriň «Organic EXPO Dubai 2024» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

«Organic EXPO Dubai 2024» 22 ýyl bäri Ýakyn Gündogarda lomaý we bölek söwda üçin öňdebaryjy meýdança bolup hyzmat edýär. Ol organiki we tebigy azyk önümlerini hem-de içgileri, kosmetika serişdelerini, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş maksatly önümleri iň gowy öndürijileri bir ýere jemleýär.

Beýleki habarlar