Türkmen we hytaý zenanlarynyň forumy: dostluk köprülerini berkidip

21 Maý 2024
219

17-nji maýda gözel paýtagtymyz dostlukly ýurtlardan gelen myhmanlary öz goýnunda jemläp, bagtyýar halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde uly toý tutdy. Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina bolan türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara öwrülip, her birimiziň kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Şol gün Maslahat köşgünde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum hem geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň gatnaşmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Halkymyz hemişe goňşy we beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklapdyr. Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri hytaý halky bilen arkama-arka dowam edip gelýän gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpasyrlyk taryha, baý tejribä eýedir. Ýurtlarymyzy birleşdiren gadymy kerwen ýoly diňe bir netijeli söwda işleri üçin köpri bolman, eýsem, medeni gatnaşyklaryň ilerlemegine-de ýol açdy. Bu günki gün biziň ýurtlarymyz häzirki zaman şertlerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda yzygiderli tagalla edýärler. Muňa «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahata gatnaşanymyzda, ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar