Işewür gatnaşyklar berkidilýär

20 Maý 2024
218

Mälim bolşy ýaly, «Wozroždeniýe» kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işläp gelmek bilen, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar